Daşary yurt dalaşgärlerine

Ýokary okuw jaýynyň başlangyç bölümine taýýarlyk

Ýokary okuw jaýynyň başlangyç bölümine taýýarlaýyş dalaşgärleriň ýokary okuw jaýlaryna girmegine taýýarlamaga gönükdirilendir. Okuwyň dowamy 1(bir) akademiki ýyl (10 aý). Okuw saýlaýan hünäri boýunça dürli ugurlar boýunça ýöredilýär. Ähli okuw kurslaryny üstünlikli geçip we gutardyş synaglary tabşyran diňleýjilere, taýýarlaýyş kursy tamamlanlygy barada şahadatnama gowşurylyar, şeýle hem Belarus respublikasynyň ýokary okuw jaylaryna girmegine rugsat berilyar.

Okuwa çakylyk

Daşary yurt raýatlarynyň okuwa çakylygy okamak üçin dokumentlaryny taýýarlamak.

Brestiň A.S.Puşkin adyndaky döwlet Uniwersitedinde almak isleýan daşary ýurt raýatlaryna Belarus Respublikasynyň ilçihanasynda okamaga rugsat berilýän wiza açmak üçin çakylyk almak hökmandyr.

Daşary ýurt raýatlaryna okamaga çakylyk hatyny almak üçin halkara aragatnaşyk bölümine yokarda berlen dokumentlary taýýarlamaly.

  1. Doldyrylan anketa
  2. Orta mekdebi gutaran okuw şahadatnamasyny we natariusdan tassyklanan dokumentynyň kopiyasy.
  3. Belerus ýa-da rus diline terjime edilen  okuw şahadatnamasy we natariusdan tassyklanan dokumentynyň kopiyasy.
  4. Pasport we onuň nusgasy.
  5. Belarus ýa-da rus dilinde terjime edilen natariusdan tassyklanan şahsyýeti görkezýän pasport ýa-da başga dokument.

Hemme dokumentleriň nusgalary notariusyň möhüri bilen berkidilendir.

Dokumentlaryn dili

Daşary yurt dilinde tabşyrylan ähli dokumentlerin rus dilinde terjimesi berkidilmeli. Terjime natarial tertibinde tassyklanmaly.

Ähli dokumentler uniwersitediň adresi boýunça ýa-da elektron poçta arkaly “okuwyň dokumenti” bellik bilen iberilmeli.