Nädip girmeli

0. Daşary ýurt abituriýenti üçin sorognama
 

1. Okuw üçin çakylyk

A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetine okuwa girmek üçin siz hökmany suratda çakylyk almaly. Çakylyk size Belarus Döwletiniň daşary ýurt diplomat wekilliginde ya-da “Minsk” Halkara howa ýollarynda okuw wizasyny açmak üçin mümkinçilik beryär.

Okuwa çakylyk almak üçin Halkara aragatnaşyk bölümine şu elektron poçtasy arkaly int@brsu.by, oms@brsu.brest.by ýa-da faks boýunça +375 162 21 70 53 aşakdaky resminamalaryň nusgasyny ugradyň:

 

Spoiler: Highlight to view

 

  1. Doldurulan anketany;
  2. Natarius tarapyndan tassyklanan attestadyn ýa-da okuw barada başga resminamanyň nusgasyny;
  3. Belarus ýa-da rus diline terjime edilen hem-de natarius tarapyndan tassyklanan attestat ýa-da okuw baradaky başga resminama;
  4. Daşary ýurt paspordynyň ýa-da kimligini tassyklaýan başga resminamanyň nusgasyny;
  5. Belarus ýa-da rus diline terjime edilen daşary ýurt paspordynyň ýa-da kimligini tassyklaýan başga resminamanyň nusgasy, natarius tarapyndan tassyklanan bolmaly.

 

 

ÜNS BERIŇ! Hemme resminamalaryň nusgasy hökman natarius tarapyndan möhürlenen bolmaly, hem-de daşary ýurt dilinde ýazylan hemme resminamalary hökman olaryň rus dilindäki terjimesini gollanma görnüşinde goýmaly. Terjime hökman natarius tarapyndan tassyklanan bolmaly.

2. Resminamalaryň kabul ediliş möhleti

Ýokary okuw jaýyna okuwa girmek üçin, siz Brest şäherine gelmeli we resminamalary kabul ediş bölümine şu aşakdaky seneden gijä galman tabşyrmaly:
  • 1 dekabr – esasy fakultetlere tabşyrmak üçin;

Magistratura, aspirantura we ýokary okuw jaýyna taýýarlaýjy fakultetine resminamalary tabşyryş möhleti çäksiz.

3. Nädip gelmeli

Okuw wizasyny siziň ýaşaýan ýurduňyzyň Belarus Döwletiniň daşary ýurt diplomat wekilliginde ýa-da “Minsk” Halkara howa ýollarynda düzedip bolýar. Wiza almak üçin gerek resminamalara bolan talaplar her ýurt üçin dürli dürlidir, öz sebitiňizde okuw wizasyny almak üçin şu saýtdan Belarus Döwletiniň Министерства иностранных дел (Daşary ýurt işleri Ministrliginde) has giňişleyin maglumat alyp bilersiňiz.

Belarus Döwletine uçar arkaly gelmek mümkin (maslahat berilýän kompaniýalar БелАвиа, Аэрофлот, Люфтганза), ýa-da demir ýol arkaly. Demir ýolun gatnaýan wagtyny şu saýtdan bilip bilersiňiz Белорусской железной дороги. (Belarus demir ýollary).

Bilip goýuň, “Minsk” Halkara howa menzili şäherden 50 km uzaklykda ýerleşyär. Merkeze sizi taksi (~30 ABŞ dollary) ýa-da gatnaw awtobus bilen (~3 ABŞ dollary).

“Minsk” Halkara howa menzilinden hökman Brest şäherine gelmeli, iň amatly usuly bu demir ýol ýa-da awtobus arkaly.

Belarus Döwletine gelýän möhletiňiz barada Halkara aragatnaşyk bölüminiň işgärlerine aýtmany ýadyňyzdan çykarmaň şu telefon belgisine +375 162 21-06-68 ýa-da şu elektron poçtasyna int@brsu.by, oms@brsu.brest.by.

4. Ýerleşme

Siz okuw wizasyny düzedip Belarus Döwletine geldiňiz. Indi size uniwersitete ýerleşmek işlerini geçirmek gerek, umumy ýaşaýyş jaýyna yerleşmek, saglyk gözleginden geçmek we Belarus Döwletinde uniwersitetde okaýan döwrüňizde wagtlaýyn ýaşaýyş hakynda rugsat almak.

Ädim 1. Şu resminamalary kabul ediş bölümine seredime getirmeli:

 

Spoiler: Highlight to view

 

  1. Okuwa kabul ediliş barada arza görkezilen ugur bilen (resminamalary kabul ediş bölümine tabşyrylanda (arza)doldurulýar) ;
  2. Attestadyň özi ýa-da okuw barada başga resminama;
  3. Belarus Döwletiniň howa şertlerinde amatly ýaşamagyňyza mümkinçilik berýändigini tassyklaýan, ýaşaýan ýurduňyzyň saglygy goraýjy resmi edaralar tarapyndan tassyklanan – saglyk ýagdaýyňyz barada saglyk kepilnamasynyň özi;
  4. Okuw üçin dalaşgäriň gelen ýurdunyň saglygy saklaýyş edara tarapyndan berilen WIÇ-ýokanç keseliniň ýoklugy barada saglyk şahadatnamasy;
  5. Saglyk ýagdaýyňyz barada saglyk kepilnamasy, Belarus Döwlet saglygy saklaýyş Ministrliginiň formasy esasynda. Kepilnamany hökman Brest şäherindäki saglyk öýünden uniwersitediň ýollanma berilmegi esasynda almaly(tölegli görnüşinde).
  6. Bellenilen tertipde tassyklanylan dogluş hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy;
  7. 6 sany surat 3x4 ölçegde;
  8. Ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetini, ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş bölümini, ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş kurslaryny tamamlandygynyň şahadatnamasy(bolan ýagdaýynda);
  9. Pasport ýa-da kimligini tassyklaýan başga resminama.

 

 

ÜNS BERIŇ! Hemme resminamalaryň nusgasy hökman natarius tarapyndan möhürlenen bolmaly, hem-de daşary ýurt dilinde ýazylan hemme resminamalary hökman olaryň rus dilindäki terjimesini gollanma görnüşinde goýmaly. Terjime hökman natarius tarapyndan tassyklanan bolmaly.

Ädim 2. Rus dilinde gürrüňdeşlikden geçmeli.

Ädim 3. Okuw barada şertnama baglaşmaly we okuw puluny tölemeli.

Baglanyşylan şertnama we okuw tölegi hakyndaky kwitansiýa esasynda okuwa girendigi hakynda buýruk çykýar, we Siz – A. S. Puşkin adyndaky uniwersitetiň talyby hökmünde okuw derslerine gatnaşyp bilersiňiz hem-de talyp biledini alarsyňyz.

5. Bellige alma

ÜNS BERIŇ! Belarus Döwletine gelen günüňizden 5 günüň içinde size hökmany suratda ýaşaýan ýeriňize görä bellige alyş işlerini geçirmek gerek. Munuň üçin Halkara aragatnaşyk bölümine yüz tutmaly.

6. Okuw nyrhy

2019/2020 okuw ýyly üçin daşary ýurt talyplarynyň tölemeli okuw nyrhy:

 

Spoiler: Highlight to view

 

  • Ýokary okuw jaýyna taýýarlaýyş fakultetine ýylyk töleg 1600 ABŞ dollary;
  • Esasy ugurlaryň gündizki bölüminde okaýan (2 ýarymýyllyk) 1-nji ýyl talyplary üçin (ugra bagly) 2200 – 2300 ABŞ dollary ýyllyk töleg;
  • Esasy ugurlaryň gaýbana bölüminde okaýan (2 ýarymýyllyk) 1-nji ýyl talyplary üçin (ugra bagly)1200 – 1300 ABŞ dollary ýyllyk töleg .

 

 

ÜNS BERIŇ! Okuw nyrhy A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetinde her ýyl rektoryn gorkezmesi esasynda tassyklanylýar.

7. Bilmek peýdaly

Belarusa gelenleriň bilmesi gerek bolan birnäçe hökmany ýagdaýlar. Belaruslar örän parahatsöýüji we hoşniýetli adamlar. Belarus halkynyň häsiýetiniň esasy alamatlary hökmünde başga milletiň adamlaryna, tire-taýpa ýa-da dine garşy çydamlylylygy we düşünjeliliginiň aýdylmagy ýöne ýere däl. Bütin taryhyň dowanynda biziň ýurdumyz Günbataryň şahsylylygy we Gündogar Ýewropanyň ykjamlylygy çakyşan ýeri, demirgazyk “asudalygy” we gündogar “ukyplylygy” hökmünde özboluşly medeni meýdançasy boldy.

Bu gün Belarus 100 dürli milletler üçin öý hasaplanýar. Ýewropanyň başga ýurtlarynda biraz wagt ýaşan köp daşary ýurtly talyplar uly höwes bilen belaruslaryň olara garşy myhmansöýerligini we gülerýüzliligini belleýärler.

Şol sanda Brest şäheriniň islendik şäher ýaly howpsyzlyk derejesiniň hemmetaraplaýyn ýokary bolmaýanyny ýatdan çykarmaly däl. Biz size köçelerde ünsli bolmagy, zatlaryňyza gözegçilik etmegi we gije wagty Brestiň çetindäki ýerlerine gitmekden gaça durmagy maslahat berýäris.

Aşakda görkezilen telefon belgilerine çykgynsyz ýagdaýlarda jan edip bilersiňiz:

 

Spoiler: Highlight to view

 

  • Çykgynsyz ýagdaýlar bölümi (ýangyn gözegçisi) – 101 ýa-da 112;
  • Polisiýa – 102;
  • Tiz kömek gullugy – 103.

 

 

Jaňlar hemme telefonlardan – mugt!

Belarus Döwletinde daşary ýurt raýatlarynyň bolmagy ýörite düzgünler arkaly ýerine ýetirilýär, şu düzgünler bozulan ýagdaýynda daşary ýurt raýatlary dolandyryş pul jezasyna sezewar edilmegi ýa-da ýurtdan çykarylmagy mümkin.

Daşary ýurt raýatlarynyň Belarus Döwletinde bolmagynyň düzgünleri hakynda jikme-jik maglumaty Halkara aragatnaşyk bölümi berýär.